Berdi s ý
16.01.2020
Bu durmuşda şu güne çenli ýaşadyk (entek ýaşarsam welin...). Içimizde kalbynda dert götermeýän ýok diýen ýaly. Her birimiziñ kalbymyzda 1 daşjagaz ( belki daşjagaz dälde bir uly dagdyr ) bar. Bu post ýörüte siziñ üçin...

Sabyrly bol, ýöne ýazgytdan nägile bolup sabyr etme. Şadyýanlyklara ynanýan adamyň, ykbaly, geljegi gowy alymyň, sogaba höwesek talybyň, ýamanlyklaryny ýuwasy gelýän ýazyklynyň sabry bilen sabyr et. Kynçylyklar degre-daşyňy gallap alsa-da, ýöräp barýan ýodalaryňy tümlük gaplasa-da diňe sabyr et. Üstünlige sabyr bilen ýetilýändir. Her bir kynçylygyň ýanynda ýeňillik bardyr. Dünýäden öten birnäçe tanymal şahsyýetleriň ömür beýanlaryny okanymyzda, olaryň örän sabyrlydyklaryna, çydamlydyklaryna akylymyz haýran. Üznüksiz kösençlikler, basdaşlar zerarly ýüze çykýan bökdençlikler olaryň depesinden sowuk damjalar deýin guýlup durupdyr. Emma olar tutan ýollaryndan dänmändirler, başlan işlerini taşlamandyrlar. Hakyň mäkämligi ýaly, mizemän, daglaryň berkligi ýaly, sarsman durupdyrlar. Sähel salymdan soň olaryň ýüzüne agaryp gelýän buşluk daňynyň ýagtysy, ýeňiş şatlygy we üstünlik hoş habary çaýylypdyr. Sebäbi olar sabyr etdiler. Ýogsa-da, sen sabyr etmegiň asyl manysyna akyl ýetirensiň-ä? Ýa-da zeýrenmän, ýöne hiç zat etmän boş oturmak sabyrdyr öýdýäňmi? Ýok, ol asla beýle däl. Sabyr etmek – bu zeýrenmezden, ýazgytdan nägilelige berilmezden hadysalara garşy göreşmekdir. Başarýan zadyňy ýerine ýetirmekdir. Sabry zähmet bilen utgaşdyrmakdyr. Kynçylyklaryň gözüne biparh garamakdyr. Sabyrly bol, el uran gumuň gyzyla öwrüler. Gazanan sogabyň bolsa altyndanam haýyrly bolar.
,, Gamgyn bolma "
426
  1. ufc
    16.01.2020 23:07
    shukur bn sabyr shu ikisinden birini saylamaly bolsan sen shukuri sayla sebap sabr mejbury cykgynsyzlygyn yoludyr
    1. Berdi s ý
      17.01.2020 13:24
      Şükür bn sabyry aýry göz öñüne getirmek mümkin dälmikä diýýän. Sabyr etmeseñ şükür etdigiñ bolmaz, şükür etmeseñ sabyr etdigiñ bolmaz (bu meniñ öz pikirim)
  2. Гульхан
    16.01.2020 23:16
    +1000💓💓💓 менден. Гаты говы. Адам хемише сабырлы болмалы. Сабрын Соны говылыкдыр.
    1. Berdi s ý
      17.01.2020 13:13
      Sps
  3. liliya
    16.01.2020 23:53
    dogry sabr etmeli hemme zada Allan ozi komek eder😍
  4. M.B.N
    17.01.2020 02:01
    DOST ýenede manyly setirler şu programda diñe 4,5 adamyñ posty we täze habarlary öwŕenmek ün girýän diýsem hem boljak sen hem şolañ biri SPS +❤❤❤
    1. Berdi s ý
      17.01.2020 13:13
      Sps dostjan☺
  5. babamyrat
    17.01.2020 06:49
    sabyrly gul dura- bara
  6. Berdi s ý
    17.01.2020 13:25
    Dogry