Paradise
16.01.2020
Gije oýa batdym ýene sen hakda,
Ahmyrly günlerim ýadyma düşdi.
Ýene-de senden galan gussalar,
Ynjydyp kalbyma tikenin sünçdi.

Gije bir çen boldy tutmady ukym,
Ýyldyzlar bilen men söhbet gurundym.
Aýjäjekden sessiz halyñy sorap,
Bu ýalñyz asmana bakdym oturdym.

Bilemok nirden düşdiñ ýadyma,
Köp wagt bäri oýlaryma geleñok
Sen nirede,men nirede, hal niçik?!
Käte sorap indi jañam edeñok.

Menem unydypyryn kän-kän zatlary,
Bilemok meselem belgiñi ýatlap.
"Unut! Unudarys" diýdik biz indem,
Unutdyk päk söýginiñ közüni otlap.

Aradan köp wagt geçipdir häli,
Seni duýgularym ýat boldy maña.
Şu gije sebäpsiz ukym tutmady,
Ýada düşdiñ sanjy bolyp kalbyma.

467
  1. liliya
    17.01.2020 00:06
    ajayyp goshgy,sozlerem manyly+❤😇
  2. Gülşat Ataýewa
    17.01.2020 00:16
    Minnetdar goşgyňa😘 men düzdüren ýaly boldm😐
  3. M.B.N
    17.01.2020 02:03
    Çyndanam şeýle sps+❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.