Öwrenmeli Beta häzirlikçe adyndan bolşy ýaly hem test üçin işletdik. Eger-de programma siziň göwnüňizden turup has aktiw bolsa onda doly görnüşüni hem size ýetireris.

Programmanyň esasy üýtgeşikligi hakynda:

Bilýänsiňiz, häzirki programmada ulanyjylar teswir ýazanda jogap berilsede hem habarsyz bolýandyr, ýagny hiç hili bildiriş ýok. Täze programmada bolsa haçanda size biri temanyň aşagynda teswir ýazanda size bildiriş gelýär şeýlelik bilen siziň işiňiz ýeňilleşýär.

Registrasiýa bölümi:

Programmada registrasiýa bardyr. Teswir ýazyp bilmek üçin hökman registrasiýa bolmalydyr.

Profil bölümi:

Her bir Öwrenmelini ulanýanyň özüne degişli profil sahypasy bardyr. Profil sahypasynda özi hakynda LINE, Web saýtlary bar bolsa salgysyny ýerleşdirip bilýär. Profil üçin Surat we arka surat hem goýup bolýar. Temanyň aşagyndaky teswir ýazanlaryň profilini her kim görüp bilýär.

Halanlarym:

Her temany halaňda halanlarym sahypasyna geçýändir.

Köp okalanlar:

Haçanda bir tema näçe köp okalsa Köp okalanlarym sahypasynda birinji bolup durýandyr.

Soňkylar sahypasy:

Bu sahypa Baş sahypadyr. Sahypada iň köp 20 sany tema durýandyr. Beýleki temalary görmek üçin bölümlere girmelisiňiz.

Gözleg:

Ulanyjylary ýada temalary gözläp bilýärsiňiz.

Sazlamalar:

Sazlamalarda parolyňy üýtgetmek, hasabyňy öçürmek, habarlaşmak ýaly funksiýalar bardyr.

Içindäki temalar öňki temalardyr. Täze tema ýazylanda deň wagtda Öwrenmeli we Öwrenmeli Beta programmasynda çykýandyr.

Ýüklemek üçin: https://goo.gl/uHBhuw

Categories: Öwrenmeli

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *